Türkmenistan bilen Kataryň arasynda uçar gatnawlary ýola goýulmagyna garaşylýar

28 Maý 2024
601

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň we Kataryň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy ähtimal. Bu barada Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň degişli ýolbaşçylary Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Al-Remaihi Ghanem Abdulla geçirilen duşuşykda beýan edildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar dostlukly döwletleriň arasynda howa gatnawlary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, hususan-da, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr gatnawlaryň ýola goýulmagy babatynda döräp biljek soraglary öwrenmek we bu soraglary aradan aýyrmak boýunça dogry we takyk işleri alyp barmak barada pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar