Bagtyýar geljegimiz Watanymyzy wasp edýär

22 Maý 2024
624

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Döwletimiz geljekde-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, çagalary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki köp sanly çäreleri işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Durmuşyň bezegi, geljegiň eýeleri saýylýan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär.

Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar