Türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmatbahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr.
Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär.