Hytaý soňky 10 ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine 3,8 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýdy. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen Duşenbe şäherinde bolan duşuşygynda mälim edildi.
– Hytaý söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda iň uly hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Hytaýyň soňky on ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine gönükdirenmaýa goýumlarynyň umumy mukdary 3,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy – diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi.