Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, business.com.tm habarlar saýty habar berýär.
Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 818 million 207 müň amerikan dollaryna barabar boldy. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň amerikan dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistan, takmynan, 212 million 940 müň amerikan dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.