Alaja

9 Maý 2024
765

Alaja türkmen milli el işleriniň ähli görnüşlerine eriş-argaç aralaşyp, özboluşlylygy, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Alaja — türkmen halkynyň ajaýyp, täsin sungaty. Nepis hem-de syk örülen alajalar mukaddes öý-ojagymyzyň gapysyndan başlap, tä törüne çenli uzaýan umyt-arzuw, bezeg hem zynat. Alajalar dürli hili bolýar. Biz žurnalymyzyň geçen sanynda ak we gara sapaklardan işilen alajalar barada maglumat beripdik. Geliň, bu sanymyzda bolsa alaja örmegiň bir usulyny öwreneliň. Örüm alajalary dört reňkli sapaklardan saç örülen ýaly örülýär.

Gerekli esbaplar:

«Güneş».
Beýleki habarlar