Milli buýsanjymyza buýsanç

25 Aprel 2024
535

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew sungatda togsan dokuz göterim zehin, bir göterim ukyp gerek diýlenine ynanýar diýsek, geň zat aýtdygymyz däl. Ony ýakyndan-u-daşgyn tanaýanlaryň ählisi tassyklaýar. Özi-de «Şägirtlerim ussahanama gelenlerinde işläp ýören bolsam, ýene-de agşam ugradyp iş başyna barmagy göwnüme jaý görýärin» diýýär. Saragt aga perzende, şägirde aýdyp däl-de, özüniň işi bilen görelde bolmagynyň möhümdigine ynanýan borly. Döredijilik bilen başagaýlygyndan ýaňa şahsy wagty az hem bolsa, halypa kitap okamaga-da wagt tapýar. Ussadyň ýanyna baranymyzda hem ol iş üstünde eken.

Onuň ussahanasyndaky tamamlanan-u-tamamlanmadyk işleriniň aglabasy diýen ýaly meşhur şahsyýetlere, türkmen bedewlerine bagyşlanan. Sungat işid-ä, bedewleriň ululy-kiçili heýkellerini gören badyňa olar baradaky pikirler kellä gelýär. Onsoň halypanyň özüne bedewler baradaky işleri hakynda birnäçe sowal berdik.

Söhbetdeş bolanNow ruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar