Netijeli bäsleşik

24 Aprel 2024
427

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhly, dünýä ülňüsine laýyk gelýän ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklige hem uly üns berilýär. Şunuň esasynda orta mekdep bilen ýokary okuw mekdebiniň arasynda dil öwrenmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitabynda: «Perzent terbiýesine jogapkärli çemeleşmek her bir adamyň öňündäki ömre barabar wajyp borjy. Häzirki wagtda döwrüň ösüş, özgeriş tizligi mese-mälim artdy. Biz öz nesillerimizi diňe şu gün üçin däl, geljegiň zerurlyklaryny hem göz öňünde tutup taýýarlamaly. Bu ýollarda çeken zähmetimiziň, siňdiren yhlasymyzyň ertir bizi begendirýän datly miweler bolup dolanjakdygyna şübhe ýok» diýip belleýär. Şeýlelikde, ýaş nesillerimiziň diňe bir terbiýeli bolmagy bilen çäklenmän, eýsem, olaryň ylymly-bilimli bolmaklaryny, hem köp dil öwrenmeklerini gazanmaly. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 10 — 11-ne ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen iňlis dili dersi boýunça III halkara olimpiadasy has netijeli boldy.

Meretguly GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar