Oňyn tejribe — beýik ösüşlere badalga

24 Aprel 2024
450

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri talyp ýaşlaryň eziz Watanymyza söýgüsiniň, Garaşsyzlygymyza guwanjynyň, şonuň bilen birlikde, döwletimiziň ýokary bilimli harby gullukçylaryny taýýarlamak baradaky aladalarynyň dabaralanýan zamanasydyr. Golaýda hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen dostluk we özara tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Bu çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, ylmy-amaly maslahat, institutyň ylymda we bilimde gazananlarynyň sergisi, Türkmenistanyň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda görkezme-okuw sapaklary, tejribehanalarda we gurluşyk merkezlerinde okuw sapaklarynyň geçirilişi, innowasion okuw otaglarynda guralýan sanly bilim okuwlary, harby talyplar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertleri we beýlekiler barada gyzykly maglumatlar berildi. Bu duşuşygyň täsirli we ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Özara tejribe alyşmak duşuşygyna gatnaşan harby gullukçylaryň ýüzlerinden ata Watana belent söýgi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döredilen Raýat goranyşy fakultetiniň açylanyna köp wagt geçmedigem bolsa, ylym-bilim babatynda köp üstünlikler gazanyldy. Çärä gatnaşan harby gullukçylar institutyň häzirki zaman we döwrebap ýagty otaglarynda, tejribe okuw otaglarynda geçirilýän okuw sapaklary bilen içgin tanyşdylar we raýat goranyşy ulgamynyň okuw-maddy binýatlaryny synladylar. Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby talyplary dostluk we özara tejribe alyşmak duşuşygynyň ahyrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplarynyň başa-baş el söweşi boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda harby hünärmenleri taýýarlamakda mert pederlerimiziň merdanalyk mekdebi mynasyp dowam etdirilýär.

Goý, harby hünärmenleri taýýarlamak babatynda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Orazmyrat ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik.
Beýleki habarlar