Ylym-bilimde beýik görelde

23 Aprel 2024
708

Ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň, nusgalyk ýollaryň biri hem ylym-bilim öwrenmekdir. Bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etmekde, döwrebap ösdürmekde bilim işgärleriniň mynasyp orny bardyr. Milli ýörelgelerimize esaslanýan terbiýe mekdebinde nusgawy edebiýata, halk döredijiligine ýüzlenýäris. Esasan hem, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryndan ugur alýarys. Bu ajaýyp kitaplardan ugur almak, pähimli sözlerinden peýdalanmak ýokary derejede netijesini berýär. Çünki bu ajaýyp eserlerde ýaş nesilleriň terbiýesine oňat täsir edýän baý maglumatlara duş gelmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş eden ajaýyp eserlerini okanymyzda, ata Watanymyza çäksiz söýgi, şöhratly geçmişimize buýsanç, umytly geljegimize bolan ynam kalbymyza dolýar. Ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary watansöýüjilige, millilige, ruhubelentlige ýugrulyp, bagtyýar nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, nusgalyk mekdebe öwrüldi. Bu eserler durmuş ýolunda çyrag bolup, paýhas dürdäneleri bilen giň gözýetime eýe edýär, elmydama rowaçlyga besleýär. Hut şonuň üçin hem pähimdar pederleriň geçen şöhratly ýoluna buýsanç, beýik döwrümize guwanç, röwşen geljege ynam has-da pugtalanýar. Bu gymmatlyklaryň kemala gelmeginde kitabyň hem, paýhasly sözleriň hem aýratyn orny bardyr.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar