Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ugurlaryň biri ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmakdan we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynda eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini ugratmagyň köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.