Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda

20 Aprel 2024
313

Aşgabat, 19-njy aprel (TDH). Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata professor-mugallymlar, şeýle-de bu bilim ojagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy.

Bu gezekki maslahat we onuň çäklerinde guralan sergi “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän möhüm çäreleriň birine öwrüldi.

Beýleki habarlar