Kämillige badalga

21 Aprel 2024
458

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ynha, 17-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi. Ýokary derejede geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ady agzalan uniwersitet tarapyndan guraldy.

Bu olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan we elektron maglumat hem-de dünýä internet ulgamyndan başarjaň peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi. Ýaşlara ösen döwletleriň bilim ulgamyna laýyk derejede ýeterlik bilim bermekde ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar