Seýil edeliň bu jahana!

17 Aprel 2024
556

Meşhur teatr

Dünýädäki iň gadymy opera teatry bolan «Bolşoý» teatry Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada ýerleşýär. Binanyň beýikligi 21, uzynlygy 25 we ini 26 metre barabardyr. Opera we balet sungatynyň mekany hasaplanýan bu ýeriň 1740 tomaşaça niýetlenen uly zaly bar. 1825-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berlen «Bolşoý» teatry häzirki wagtda Wladimir Wasilýew, Galina Ulanowa we Maris Liepa ýaly ajaýyp balet tansçylary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Bu teatrda 200-den gowrak tansçy çykyş edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar