Taýland jahankeşdeler üçin «Aziýa Şengenini» döretmegi teklip etdi

14 Aprel 2024
503

Taýlandyň Premýer-ministri Srettha Thawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. «Bloombergiň» habar bermegine görä, Ýewropadaky Şengen zolagyna meňzeş bu maksatnama syýahatçylara alty goňşy ýurduň: Taýlandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer.

– «Günorta Aziýa Şengenini» döretmek pikiri köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne indi hünärmenleriň pikiriçe, ony durmuşa geçirmek mümkinçiligi öňküsinden has ýokary. Şeýle wiza uzak aralyga syýahat edýän jahankeşdeler üçin sebite syýahaty has özüne çekiji edip biler – diýip, Taýland myhmanhanalar birleşiginiň öňki prezidenti Marisa Sukosol aýtdy. Şeýle hem bu teklibi has bähbitli etmek üçin wizanyň möhletini 30 däl-de, 90 güne uzaltmagy teklip etdi.

Taýýarlan: Şaguly Karaşew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar