Milli terbiýe — göreldäniň gözbaşy

26 Mart 2024
884

Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar. Dürli wagtlarda dörän, çuňňur mana eýe bolan pähimler gitdigiçe kämilleşip, timarlanyp, has-da çeperleşdirilip, durnukly görnüşe eýe bolupdyr. Hut şonuň üçin halk döredijiliginiň, aýratyn-da, nakyllaryň biziň döwrümizde hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.

«Paýhas çeşmesi» kitabynda «Adam edebinden tanalar — ýurt tugundan», «Edepli ile ýarar», «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy», «Edep başy dil», «Dili süýjiniň dosty köp», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» ýaly nakyllar hem jemgyýetçilik ýaşaýşynda edep-terbiýäniň ähmiýetini şöhlelendirýär. Bular bolsa ýaşlaryň ruhuny terbiýeleýän pähimlerdir, milli mirasymyzyň gymmatlyklarydyr.

Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar