Ýakymdan doldurar göwün galaňy

20 Mart 2024
963

Dillerimiziň senasy, törümiziň seresi mähriban enäni maşgala binýadynyň şahalary ýaýylyp, birgeňsi owsun atýan daragtyna meňzedýärsiň. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda», «Asyl aýal öýüne bezeg» ýaly paýhasly setirleri ýadyňa düşýär. Kümüş saçy nurana ýüzüne has hem gözellik çaýýan Oguljahan enäniň dünýä inderen bäş ogludyr bäş gyzynyň kemala getiren ýigrimi bäş agtygyny, olaryň perzentlerinden dünýä inen otuz alty çowlugyny daşyna üýşürip, bagryna basyp, başlaryny sypap, hersine bir mylaýym söz tapyp, mährini berip oturyşyny görüp: «Enäniň ýumruk ýalyjak ýüregine munça mähir, söýgi neneňsi sygýarka?» diýeniňi duýman galýarsyň. Oguljahan ene pikirimi aňan ýaly: «Perzent süýji, agtyk ondanam süýji, çowluk welin, hemmesinden hem süýji. Ählisi daşyma üýşende, başga bir owadan dünýäniň içine siňen ýaly bolýaryn.Özümden başga bagtly adam bardyr öýdemok. Her kime şeýle bagt nesip etsin!» diýdi.

Oguljahan ene mamla. Döwletli maşgalany bir ýere jemläp, oňa guwanmakdan ötri uly bagt ýok bolsa gerek. Bu bagta ýetmek, perzentleriňi ilhalar adamlar edip ýetişdirmek üçin olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden gelip çykýan edep-terbiýäni, maşgala agzybirliginiň baş galadygy baradaky düşünjäni guýup durmaly. Ene balalaryny daşyna üýşürip, agzybir maşgalany — döwleti emele getirýär. Maşgala agzalarynyň barynyň başyny jem edip, döwletiňi asuda saklamak ýene-de enäniň paýyna düşýär. Pähim-parasatly hereket edip, maşgalaňy ýodalardan ýollara äkidip bilseň, ol kämilleşip, gol ýaýyp gidýär.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar