Maşgala we terbiýe

14 Mart 2024
737

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, maşgala — bu adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan, çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr.

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory,ýustisiýanyň geňeşçisi.
Beýleki habarlar