Kitaplar hazynasy

6 Mart 2024
655

Dünýäniň iň uly kitaphanasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Kongres kitaphanasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär. 1800-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji okyjylaryna gapysyny giňden açan bu kitaphananyň binagäri Tomas Jeffersondyr. 3 sany binadan ybarat bolan kitaphanada millionlarça kitap, film, wideo, ses ýazgylary, suratlar, gazetler, kartalar we golýazmalar bar.

1350 kilometr kitap tekjesi bolan kitaphanada 3000-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kongres kitaphanasynda 470-e golaý dilde 33 milliondan gowrak kitap ýerleşdirilendir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar