Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler

6 Mart 2024
737

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurduň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Wekillere Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.

Beýleki habarlar