2023-nji ýylda Özbegistana haýsy ýurtlardan köp syýahatçy geldi?

25 Fewral 2024
826

Özbegistanyň statistika komitetiniň habar bermegine görä, geçen ýylda daşary ýurtly syýahatçylarynyň sany 6,6 million adama ýetipdir. Bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 1,4 million köpdür. 2021-nji ýylda bolsa 1,8 million syýahatçy barypdyr.

Geçen ýyl Özbegistana gelen syýahatçylaryň 90 göterimden gowragy GDA-nyň bäş ýurduna degişlidir. Has dogrusy, Täjigistandan 2,15 million, Gyrgyzystandan 1,75 million, Gazagystandan 1,33 million, Russiýadan 714,3 müň, Türkiýeden 106,5 müň, Türkmenistandan 100,3 müň, Hindistandan 45,5 müň, Hytaýdan 42,5 müň, Koreýa Respublikasyndan 37,1 müň, Germaniýadan 29,6 müň, Italiýadan 25,6 müň, ABŞ-dan 23 müň, Fransiýadan 18,6 müň, Beýik Britaniýadan 16,2 müň, Ispaniýadan 15,2 müň, Belarusdan 15,1 müň, Azerbaýjandan 14,7 müň adam gelipdir.

Taýýarlan: Gülruh ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar