Energiýa enjamy

21 Fewral 2024
825

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagyň esasy strategiýalarynyň bir görnüşi Günden alynýan energiýadyr. Emma häzirki wagtda Aý energiýasy, tolkunlar arkaly alyp bolýan energiýa çeşmesi bilen gyzyklanýan kompaniýalaryň hem sany artýar. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan «Minesto» bu ugurda birnäçe maksatnamalaryň üstünde işleýär. Bu kompaniýanyň döreden täze drony beýleki suwasty gämilerden tapawutly bolup, ol suwuň içindäki tolkun hereketlerini energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanýar.

Gury ýerdäki ýel güýji uçarlary ýaly, «Minestonyň» «Dragony 12» atly enjamy suw akymlaryndan has çaltlaşyp, suwuň aşagynda edil kitler ýaly hereket edýär. Enjamyň göwrümi biraz uly bolup, onuň ganatlarynyň aralygy 12 metre ýetýär, agramy bolsa 28 tonna barabardyr. Emma deňizdäki beýleki energiýa toplaýjylar bilen deňeşdirilende, bu enjam has kiçidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA.
Beýleki habarlar