Maşgalanyň agzybirligi jemgyýetiň baýlygydyr

20 Dekabr 2023
1215

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny ähli zatdan ileri tutupdyrlar. Maşgalanyň abatlygy, agzybirligi jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýär. Agzybirligiň bar ýerinde birek-birege hormat-sarpa, düşünişmek we ynam bardyr. Il arasynda agzybir maşgalalary döwletli hasaplaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her maşgalanyň abatlygy, sagdynlygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Maşgala binýadyna we çaga terbiýesine uly üns berilýär. Pederlerimizden miras bolup gelýän milli ýörelgelerimize, edep kadalarymyza, medeni gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesliklerimize uly hormat goýulýar. Şol asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň hem mynasyp dowam etdirmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Ilat arasynda maşgala abadançylygyny gorap saklamak, her bir maşgalanyň sagdyn we agzybir bolmagyny gazanmak, edepli, ulyny sylap, kiçä hormat goýýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Annagül BALKANOWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar