Köpugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

15 Dekabr 2023
1634

11-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar. Bu iri we abraýly gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar