Maşgala goraglylygynyň kepillikleri

15 Dekabr 2023
1064

Türkmenabat şäher kazyýetinde «Maşgala goraglylygynyň kepillikleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä şäheriň ýaşaýjylarynyň, şol sanda ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdy.

Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ahlak taýdan ösdürmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn üns berildi. Maşgalanyň jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, hut maşgalada ruhy gymmatlyklaryň kemala gelýändigi, maşgala gatnaşyklarynda ahlaklylyk ýörelgeleriniň berkidilmeginiň jemgyýeti ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi baradaky esasy pikir çykyşlaryň mazmunyny düzdi. Maşgala hukuk gatnaşyklarynyň maşgala hukugynyň degişli subýektleriniň arasynda emele gelýändigi hem-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýändigi düşündirildi. Kazyýet işgärleri döwletimiziň durmuş syýasatynyň maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilendigini nygtadylar. Wagyz-nesihat çäresinde maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi, maşgala agzalarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygy, şahsy we emläk gatnaşyklary, özara kömek bermek hem-de çagalary terbiýelemek üçin maşgalada zerur bolan şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere hukuk taýdan düşündirişler hem berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanda maşgalalaryň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyna degişli üns çekiji maglumatlar mysal getirildi.

Mergen JUMAGELDIÝEW,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar