Sanly tehnologiýa

14 Noýabr 2023
1001

Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýete, innowasiýalara, türkmen harytlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşigini pugtalandyrmaga esaslanyp, gaýtadan işleýän önümçilikleriň giň ulgamyny kemala getirmek boýunça möhüm wezipeler Prezident Maksatnamasynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, smart-telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, dürli döwrebap tehnikalary öndürmek baş wezipeleriň biridir.

Milli innowasion önümleriň dünýä standartlaryna laýyk gelmegi, dünýä bazarynda mynasyp orun eýelemegi üçin ylmy-tehniki, ylmy-inženerçilik hünärmenleriniň taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu ugurda programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de höweslendirmäge gönükdirilen dürli bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň biri hem «Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalar bäsleşigidir. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky tagallalara laýyklykda geçirilýän bu bäsleşik milli ykdysadyýetde durmuşa geçirmäge giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiligini işläp düzmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem goldamak, ýurdumyzyň sanly ekosistemasynyň ösüşine goşant goşýan täze başlangyçlary ýola goýmak maksatlaryndan ugur alýar.

Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar