Şaý-sep bezeglerini haçan we nähili dakynmaly?!

27 Oktýabr 2023
1416

Häzirki wagtda dürli şaý-sepleri dakynmak ýaşlaryň arasynda has hem ýoň bolupdyr. Deriden tikilen penjek bilen gymmat bahaly daşlardan ýasalan monjuk, tomus paslynda geýilýän ýeňil köýnekler bilen ullakan altyn gulakhalkalar ýaş gyzlara aýratyn gelşik berýär. Gymmatbaha saý-sepleriň toplumyny toý eşigi bilen utgaşdyryp, 1-2 sanysyny hem toý lybasyna daksaň, durmuşa çykýan gyzy has-da owadan görkezýär. Häzirki zaman bezegleri ýeňilligi, inçeligi, nepisligi, salyhatlylygy, göwrümi we mukdary bilen tapawutlanýar. Lybaslaryň şaý-sepler bilen sazlaşmagy hökmandyr. Şeýle bolanda, ol diýseň gözel görünýär.

Şaý-sep bezeglerini dakynmagyň ýörite düzgüni ýok. Ýöne ony her gün, şeýle-de toýa dakynmaga niýetläp, toparlara bölse bolar. Her gün ýa-da işe dakynmaga niýetlenen şaý-seplere kiçi göwrümli asykly inçe zynjyrlar, ownuk gaşly ýüzükler, ýönekeý we ýeňil gulakhalkalar hem-de ýeňil gülýakalar girýär.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar