Türkmenistanda zyýaratçylar üçin Aşgabat —Köneürgenç ugry boýunça ýörite otly işe giriziler

19 Oktýabr 2023
1076

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyna barýan zyýaratçylar üçin ýörite otlyny işe girizer. Bu barada «Demirýollarynyň» resmi web sahypasynda habar berildi.

Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat ýörite otlusy 27-nji oktýabrda ýola düşer. Munuň üçin petekleri Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar