Hyzmatdaşlygyň döwrebap nusgasy

11 Oktýabr 2023
868

Halk hikmetinde aýdylyşy ýaly, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde abadançylyk, bagtyýarlyk örňeýär we rysgal-berekediň çeşmesi egsilmeýär. Muňa umumy ilaty, takmynan, 75 milliondan gowrak, tutýan meýdany 3,9 million inedördül kilometrden geçýän Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar.

Halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna eýe bolýan bu köpugurly hyzmatdaşlygyň täze nusgasynyň kemala gelmegine hem sebitdäki halklaryň ynsanperwer garaýyşlarynyň, umumy bähbitleriniň birligi öz täsirini ýetirýär.

Mämmetjan MÄMMETJANOW,
Boldumsaz etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.
Beýleki habarlar