Iň owadan söz

26 Maý 2023
1533

Dünýä inip, durmuşa gadam basan günüňden, mähriban eneň, seniň üçin iň ýakyn adamyň bolýar. Onuň mylaýymdan hoş owaz bilen aýdan hüwdüleri kalbyň mukamy bolup ýaňlanýar. Ene seniň ýakyn maslahatçyň, dogry ýoldan ýöremegiň üçin alada edýän ynsan. Adam, durmuşyň ýagşy ýollary bilen bilelikde, kötel ýollaryny hem külterlemeli bolýar, şonda ejemiň: «Durmuş, beýik daglara çykanyňdaky ýaly, dyrmaşyp ýetilýän ýoldur. Her hili ýagdaý bolup biler, sen oňa taýyn bolmalysyň. Mertligi, merdanalygy ýoldaş edin, ejizlige müzzerme, şonda mertebäň beýik bolar» diýen sözleri herdaýym kuwwat berýär. Ejem janyň şu sözleriniň perzendi dogumlylyga, dogruçyllyga, adalatlylyga iterýändigine durmuşymda göz ýetirdim. Ol sözler her birimiziň öz ýolumyzy saýlamagymyz, il-ulsa haýyrly adamlar bolmagymyz üçin şamçyragdyr. Bu zatlaryň aňyrsynda ejemiň diňe bir dürdäne sözleri, hoşamaý owazy däl, eýsem, ilkinji nobatda, şahsy göreldesi şöhlelenýärdi. Ejem diňe öz çagalary üçin däl, goňşular üçin hem görüm-görelde mekdebidi.

Haltäç eneler bilen goňşy ýaşaýardyk. Olaryň körpe gelni Güljan gelin bolup düşen gününden: «Gaýynenem maňa eýdip bakdy, beýdip bakdy, ho-ol durmuşa çykyp giden gyzynyň çagalaryna sowgat aldy, bişiren naharyma at dakdy» diýip, gaýynynyň hereketlerinden bolgusyz bahanalar tapyp, öz-özi was-wasa düşüp, öňünden çykana zeýrenerdi. Bu zatlaryň maşgala binýadyna zeper ýetirjekdigi ikuçsuzdy. Ejem jan: «Bä-ä, Güljan gelin ýaş bolýar-da. Durmuşyň akymy bilen gidibermeseň, ýalňyşarsyň» diýip, alada ederdi.

Mahym ŞAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar