Jemgyýetiň baş sütüni

6 Aprel 2023
769

Adamzat jemgyýetinde maşgalanyň orny örän wajyp hasaplanylýar. Çünki maşgala — jemgyýetiň ilkinji öýjügi, baş sütüni. Maşgala gurmak, nesil ýetişdirmek meselesine berilýän aýratyn ähmiýet hem halkymyzyň maşgala gymmatlygyna goýýan aýratyn sarpasyny açyp görkezýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýip, juda parasatly belleýär.

Maşgala agzybirligi maşgala agzalarynyň birek-birege hormat-sarpasy, söýgüsi bilen berkeýär. Çagalaryň ata-enä hormaty agzybirlik merdiwanynyň ilkinji hem-de esasy basgançaklary hasaplanylýar. Türkmeniň ulyny sylamak, kiçini söýmek däbiniň çuňňur köklerini ölçerip otursaň, agzybirlige, maşgala gymmatlygyna baryp direýär. Şeýle bolansoň, ata-enäniň hormaty ýaş nesillere hemişe ündelip gelinýär.

Jemal ARSLANOWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.
Beýleki habarlar