"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Miras

Mähir siňen nepislik Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Mähir siňen nepislik“ atly medeni söhbetdeşlik geçirildi. Onda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdirleri Maýsa Söýegowa, Läle Patyýewa, ylmy işgärler Dünýä Gurbanjumaýewa, Sülgün Ahmedowa, ylmy kätip Oguljan Çaryýewa Ogulabat ejäniň el işleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Milletiň käbesi, halypamyz Ogulabat ejäniň el işleriniň her bir zenan üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny öwran-öwran nygtadylar. Şeýle hem ýürek mähri, şirin owazy siňdirilip döredilen el işleri — gyzyl kürte, gülli jorap, nepis örülen alajalaryň muzeý gymmatlygyna öwrülendigi hakynda täsirli söhbet edildi.

Döwrümiziň belent waspçysy

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa ençeme kitaplary, onlarça poemalary, ýüzlerçe goşgulary ýazdy. Onuň «Elbukjam», «Bu ýyllar», «Men – Garagumly», «Uzaklarda nazarym», «Söýgi mukamy», «Belentligiň asman-zemin arasy», «Dünýäň özem gözellige aşykdyr», «Ak gülleriň – ak ýolum», «Göwün otyr Aý içinde», «Gezdim şygryň dünýäsinde», «Arkadagly Serdar» atly ýygyndylary halkyň arasynda söýlüp okalýan kitaplara öwrüldi. Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1973-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky ýokary mugallymçylyk institutynyň taryh we dil-edebiýat bölümini tamamlaýar. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň mugallymy, Mary welaýatynyň «Maru – şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, bölüm müdiri bolup işleýär. G.Şagulyýewa 1982-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri bolup işläp gelýär.

Dür ýasalmaz ussatsyz

Şöhratly geljege ýol salýan miras

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde ýaşlaryň türkmen halkymyzyň milli medeni gymmatlyklarynyň döreýşiniň gözbaşlaryny we taryhyny düýpli öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, «Şöhratly geljege ýol salýan miras» atly çäre gurady. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen çärede ýaşlar türkmen halkynyň geçmiş taryhyna bagyşlanyp guralan sergi bilen hem tanyşdylar. Muzeýiň işgärleriniň sergidäki eksponatlar barada beren gürrüňleri çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsileri galdyrdy.

Agaly günleriň ýatlamasy

Suratda: Mäne Garaýew ýanýoldaşy Ogulsona bilen (1971 ý.).

«Pyragynyň ýüz älemi» Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden alan täsirlerim

Ý.Annanurow «Magtymguly halk arasynda». Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Magtymguly halk arasynda» atly surat eserini synlap, watançy şahyryň «Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz» diýen goşgusynyň äheňini aýdyň duýmak bolýar.

Ussat hemişe ussat

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik ýollary öwrenilýär, halypa-şägirtlik gatnaşygy ýoly dowam etdirilýär. Türkmen teatr we kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine mynasyp goşant goşan, zehinli aktýor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Artyk Jallyýewiň ömri we döredijiligi hem ýaş kino we teatr artistleri üçin nusgalyk mekdepdir. Artyk Jallyýew 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dogulýar. Ol mekdepde okap ýörkä, çeper höwesjeňler gurnagyna işjeň gatnaşyp, ýaşlar barada goýulýan oýunlarda çykyş edýär. Sahna sungatyna bolan höwesi ony Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik sungaty institutynyň gapysyndan eltýär. Artyk Jallyýew 1956-njy ýylda bu institutyň aktýorçylyk bölümini tamamlaýar we ilkinji zähmet ýoluna Daşoguzyň şol wagtky sazly drama teatrynda başlaýar. Teatrda işlän döwründe spektakllaryň 30-a golaýyny sahnalaşdyrýar. Ol öz sahnalaşdyran spektakllarynda hem ençeme keşpleri janlandyryp, halkyň söýgüsini gazanýar.

Türkmenistan ikinji Meýletin milli synyny tanyşdyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

Mähir siňen sungata sarpa

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy. Maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Aýdym-sazlar we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşykly dowam eden maslahatda, ilki bilen, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigi barada aýdyldy.

Toýhanadan geçen bagşy

Mundan kyrk ýyl töweregi ozal Köneürgenç şäherinde ýaşaýan dostum, sazanda hem göýende, asly käri oba hojalyk işgäri Meretdurdy Bekiýew meni myhmançylyga çagyrdy. Dostumyň çakylygyna haýal etmän elim dutarly ýola düşdüm. Ol meni gadyrly garşylady. Döwletli öýünde, çaý başynda durmuşy gürrüňleriň soňuny aýdym-saza sowduk. Amatly pursat arap, ýolda duşan, ýakymly sesi bilen aýdym aýdan çopan oglan dogrusynda gep gozganymda, ol şeýle gürrüň berdi: — Hä, seniň ol mal yzyndaky çopan oglana gözüň düşüpdir-ow. Ol gaýraky köçedäki Gurbanbaý agronomyň ogly Dädiş bagşy bolmaly. Dädebaý jan ýaşdygyna garamazdan, aýdym-saza ýüregi bilen berlipdir. Ondan iru-giç ilhalar bagşy çykjakdygyna gözüm ýetýär. Çakylyk goýberip, ony-da seniň bilen duşuraryn — diýdi.

Russiýaly sirk artistleriniň ussatlygy

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň medeniýetli we rahat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Sünnä sungata sarpa

Alaja! Owalbaşda Arşdan inende alaja sallançakbagy bolup inipdir. Bu hakda il arasynda şeýleräk bir rowaýat bar. Çagajyk dünýä inmeli bolanda özüni ýaradyp, jan berip, ykbal ýazgydyny ýazanlara: «Men bu jenneti dergähden gidip, ol ýerde nädip ýaşaryn?!» diýip ýüzlenenmiş. Şonda olar: «Seni ol ýerde bir perişde garşylar. Onuň ady Ene! Ol saňa gursagyndan süýt berer. Bu jenneti howalary howalandyryp, bu jenneti owazlary owazlandyryp, Arşdan saňa sallançak ibereris. Onuň bagy, ynsanyň ömri bolan gije bilen gündizden ýüpek ýa-da ýüň baglara çaýylyp örülendir. Ene şol bagyň ujundan tutup, sallançagy üwrär. Sallançagyň bagy enäniň elinde bolsa-da, onuň ujy ýüregine berkidilendir. Ene hüwdi aýdar, owazy jennetiň owazydyr. Enäniň hüwdüdäki arzuwlary bolsa, seniň ykbalyň düýp binýadyny tutar» diýip jogap beripdirler.

Geljegiň şäherinde geçmişe syýahat

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda ýerleşdirilen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideoşekil görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy hakda maglumat beýan edilýär. Muzeý ekspozisiýasynda Garaşsyzlyk, taryh, etnografiýa, tebigat we sungat bölümleri bar. Garaşsyzlyk bölüminde Arkadag şäheriniň häzirki zaman ösüşini görkezýän maglumatlar suratlaryň we gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edilýär.

Zenan kalbynyň täsin dünýäsi

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalaryny we olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi.

Görelde mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine bagyşlady. Ol gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine uly goşant goşan mähriban enedir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryň we iş guralynyň sowgat berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülýändiginiň aýdyň beýanydyr. Parasatly ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem, dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerde taýýarlanylýar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr.

Sungatyň nepis nusgasy

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşup oturan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynyň mejlisler jaýynda «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat ýakynda bolup geçen taryhy waka bagyşlanyldy, ýagny, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan ussat halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Döwlet muzeýine baryp, mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň ören alajalary hem-de alaja örende ulanan iş guralyny sowgat bermegi bilen baglanyşykly boldy. Bu taryhy waka Döwlet muzeýiniň gymmatlygy hasaplanylýan Ogulabat käbämiziň bejeren gyzyl kürtesi bilen ören gülli jorabynyň üstüni ýetirdi we türkmen gelin-gyzlarynyň baky buýsanjyna öwrüldi. Sungatyň nepis nusgasyna bagyşlanylan maslahatdan galan täsirleri hem-de alaja baradaky oý-pikirlerimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik. Maslahatda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda biz — zenanlara görelde görkezen Ogulabat ejäniň el işleri barada gyzykly gürrüň edildi. Milletiň käbesi, halypamyz Ogulabat ejäniň senetden sungata, sungatdan gudrata öwrülen el işleriniň her bir zenan üçin görelde mekdebi bolup durýandygy öwran-öwran nygtaldy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda zenan aýdymçylaryň we artistleriň ýerine ýetiren ene mukaddesligi, milli mirasymyz, alaja baradaky aýdymlarydyr oýlanmalary näzik ýürekleri duýgulandy

Nepisligiň görelde mekdebi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalary mähriban halkymyzyň kalbyna şükranalyk hem ruhy joşgun eçilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de iş guralyny sowgat bermegi tutuş halkymyzyň, şol sanda türkmen zenanlarynyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Özüniň nepis işleri hem-de maşgala mukaddesligine ygrarlylygy bilen her birimiziň ýüregimizde mynasyp orun alan Ogulabat ejäniň zenanlara nusgalyk işleri görelde mekdebi bolup durýar. Mähriban zenanyň el işleriniň inçe syrlaryny özünde jemleýän, üstünden ýarym asyr wagt geçse-de öwüşginini ýitirmän saklanyp galan, baldyzyna niýetläp tiken kürtesiniň, ören jorabynyň hem Döwlet muzeýine tabşyrylmagy biz — zenanlar üçin buýsandyryjy waka bolupdy. Bu günki gün şol gymmatlyklaryň üstüniň mähriban enäniň elinden çykan alajalar bilen ýetirilmegi zenanlaryň nusgalyk işlerine hormat-sarpanyň nyşany hem-de ýaşlary milli gymmatlyklarymyza, el işlerimize werziş edip terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup durýar. Ýeri gelende türkmeniň keşdeçilik hem-de halyçylyk sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris. Türkmen zenanlarynyň

Jadyly sungata sarpa

Ýakynda Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy bilen milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek, şeýle hem dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksadynda geçirilen bäsleşige 10 sazanda hem-de bagşy gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda ýaş zehinler dutarda şirin sazlary çalsalar, ikinji tapgyrda halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Görküm, zynatym — milli lybasym

Şeýle at bilen Gyzylarbat etrabyndaky çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda ümeçilik dessury bilen baglanyşykly çäre geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler ir döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän birnäçe keşde nagyşlarynyň döreýşi hakyndaky rowaýatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem şol nagyşlaryň ýerine ýetirilişiniň inçe syrlaryny birek-birek bilen paýlaşdylar. Ümeçilik dessury  gadymy döwürlerden bäri gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlarynyň biri bolmak bilen, ajaýyp zamanamyzda oňa täzeçe röwüş berlip, has-da kämilleşdirilýändigi baradaky gürrüňler çäräniň täsirliligini artdyrdy. Onuň dowamynda milli medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.

Päk niýetler siňen alajalar

Sungat alajadan başlanýar. Munuň özi amaly-haşam sungaty, zenanlarymyzyň çeper el işleri hakda aýdanymyzda hem şeýledir. Alaja bolsa özünde enelerimiziň ak arzuwlaryny, päk niýetlerini jemleýär, olaryň perzendine, dünýä bolan mähir-söýgüsini beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň sazlaşykly akymy alajany ýadyňa salýar. Reňkleriň sazlaşyp, emele getirýän ajaýyp şekilleri alajalaryň goraglylyk häsiýetini açyp görkezýär. Başda diňe ak bilen gara reňkli ýüplerden taýýarlanan alajalar, durmuşyň özgermegi bilen, onuň özi ýaly dürli reňklere baýlygy bilen tapawutlanýar. Gülgüne, goýy gök, açyk ýaşyl, ak, açyk sary reňkli ýüplerden örülen alajalary synlanyňda, ak arzuwlaryň gülläp, ynsany myradyna ýetirendigini görmek bolýar. Bu ýerde reňkler öňe çykýar. Eşretli eýýamymyzyň alajalary has-da üýtgeşik. Mähriban ene Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, olary taýýarlan iş guralynyň onuň gelni Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy milli sungatymyza belent sarpanyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde şu ajaýyp waka bilen bagly geçirilýän maslahatlar giň gerim alýar. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda golaýda geçirilen «Mähir siňen nepislik» atly maslahat hem milli mirasymyza, alaja ýaly çeper el işlerine söýginiň barha artýandygyny görk