Nepisligiň görelde mekdebi

9 Awgust 2023
532

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän taryhy wakalary mähriban halkymyzyň kalbyna şükranalyk hem ruhy joşgun eçilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny hem-de iş guralyny sowgat bermegi tutuş halkymyzyň, şol sanda türkmen zenanlarynyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Özüniň nepis işleri hem-de maşgala mukaddesligine ygrarlylygy bilen her birimiziň ýüregimizde mynasyp orun alan Ogulabat ejäniň zenanlara nusgalyk işleri görelde mekdebi bolup durýar. Mähriban zenanyň el işleriniň inçe syrlaryny özünde jemleýän, üstünden ýarym asyr wagt geçse-de öwüşginini ýitirmän saklanyp galan, baldyzyna niýetläp tiken kürtesiniň, ören jorabynyň hem Döwlet muzeýine tabşyrylmagy biz — zenanlar üçin buýsandyryjy waka bolupdy. Bu günki gün şol gymmatlyklaryň üstüniň mähriban enäniň elinden çykan alajalar bilen ýetirilmegi zenanlaryň nusgalyk işlerine hormat-sarpanyň nyşany hem-de ýaşlary milli gymmatlyklarymyza, el işlerimize werziş edip terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup durýar.

Ýeri gelende türkmeniň keşdeçilik hem-de halyçylyk sungatlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemelidiris. Türkmen zenanlarynyň el işlerine hormatyň hem uly gyzyklanmanyň aýdyň beýany bolup durýan bu waka hakykata tüýs laýyklygy bilen buýsandyryjydyr. Çünki keşdeçilik, halyçylyk sungatlary gadymy ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize çenli öz gymmatyny ýitirmän gelen ajaýyp işlerdir. Bu günki gün onuň gadymylygynyň hem mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň mysallary şanly hem taryhy wakalar bilen sazlaşyp, durmuşymyza dolýar. Ol diňe türkmen jemgyýetinde däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns-nazaryny özüne gönükdirýär.

Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.