Görelde mekdebi

9 Awgust 2023
274

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine bagyşlady. Ol gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine uly goşant goşan mähriban enedir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryň we iş guralynyň sowgat berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Parasatly ene-mamalarymyz el hünäriniň her bir ülşüni döredenlerinde ýiti zehine, ylham joşgunyna esaslanypdyrlar. Alajalary, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýanydyr. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem, dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerde taýýarlanylýar. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja sungaty milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr.

Enejan DOLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.