Ussat hemişe ussat

10 Awgust 2023
516

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik ýollary öwrenilýär, halypa-şägirtlik gatnaşygy ýoly dowam etdirilýär. Türkmen teatr we kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine mynasyp goşant goşan, zehinli aktýor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Artyk Jallyýewiň ömri we döredijiligi hem ýaş kino we teatr artistleri üçin nusgalyk mekdepdir.

Artyk Jallyýew 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dogulýar. Ol mekdepde okap ýörkä, çeper höwesjeňler gurnagyna işjeň gatnaşyp, ýaşlar barada goýulýan oýunlarda çykyş edýär. Sahna sungatyna bolan höwesi ony Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik sungaty institutynyň gapysyndan eltýär. Artyk Jallyýew 1956-njy ýylda bu institutyň aktýorçylyk bölümini tamamlaýar we ilkinji zähmet ýoluna Daşoguzyň şol wagtky sazly drama teatrynda başlaýar. Teatrda işlän döwründe spektakllaryň 30-a golaýyny sahnalaşdyrýar. Ol öz sahnalaşdyran spektakllarynda hem ençeme keşpleri janlandyryp, halkyň söýgüsini gazanýar.

Kümüş ATAKIŞIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň esasy hünärmeni.