Sünnä sungata sarpa

9 Awgust 2023
534

Alaja! Owalbaşda Arşdan inende alaja sallançakbagy bolup inipdir. Bu hakda il arasynda şeýleräk bir rowaýat bar.

Çagajyk dünýä inmeli bolanda özüni ýaradyp, jan berip, ykbal ýazgydyny ýazanlara: «Men bu jenneti dergähden gidip, ol ýerde nädip ýaşaryn?!» diýip ýüzlenenmiş. Şonda olar: «Seni ol ýerde bir perişde garşylar. Onuň ady Ene! Ol saňa gursagyndan süýt berer. Bu jenneti howalary howalandyryp, bu jenneti owazlary owazlandyryp, Arşdan saňa sallançak ibereris. Onuň bagy, ynsanyň ömri bolan gije bilen gündizden ýüpek ýa-da ýüň baglara çaýylyp örülendir. Ene şol bagyň ujundan tutup, sallançagy üwrär. Sallançagyň bagy enäniň elinde bolsa-da, onuň ujy ýüregine berkidilendir. Ene hüwdi aýdar, owazy jennetiň owazydyr. Enäniň hüwdüdäki arzuwlary bolsa, seniň ykbalyň düýp binýadyny tutar» diýip jogap beripdirler.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.