Mähir siňen sungata sarpa

10 Awgust 2023
569

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Aýdym-sazlar we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşykly dowam eden maslahatda, ilki bilen, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigi barada aýdyldy.