Geljegiň şäherinde geçmişe syýahat

9 Awgust 2023
429

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda ýerleşdirilen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý ekspozisiýasynyň başynda, ýagny girelgede multimedia ekranda Arkadag şäheri barada wideoşekil görkezilýär hem-de muzeý ekspozisiýasy hakda maglumat beýan edilýär. Muzeý ekspozisiýasynda Garaşsyzlyk, taryh, etnografiýa, tebigat we sungat bölümleri bar.

Garaşsyzlyk bölüminde Arkadag şäheriniň häzirki zaman ösüşini görkezýän maglumatlar suratlaryň we gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edilýär.

Daýanç ANNAGURBANOW,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.