Türkmenistan ikinji Meýletin milli synyny tanyşdyrdy

10 Awgust 2023
542

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.