Şöhratly geljege ýol salýan miras

11 Awgust 2023
365

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde ýaşlaryň türkmen halkymyzyň milli medeni gymmatlyklarynyň döreýşiniň gözbaşlaryny we taryhyny düýpli öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, «Şöhratly geljege ýol salýan miras» atly çäre gurady. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen çärede ýaşlar türkmen halkynyň geçmiş taryhyna bagyşlanyp guralan sergi bilen hem tanyşdylar. Muzeýiň işgärleriniň sergidäki eksponatlar barada beren gürrüňleri çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsileri galdyrdy.

Nargül Atamämmedowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň aragatnaşyk müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.