"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Goşa tardan çykýan sazlar ajaýyp

«Ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzda aýdym-sazyň, bagşyçylygyň aýratyn orny bar. Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň şert-mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinleriň arasynda yzygiderli geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebimiziň dutar mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýewiň ýeňiji bolmagy onuň kärdeşleri hökmünde bizi hem örän begendirdi, buýsandyrdy.

Medeniýet diplomatiýasy dünýä halklarynyň ysnyşmaklaryna giň ýol açýar

Şu günler türkmen ili jem bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyny uludan toýlaýar. Naýbaşy baýramymyz mynasybetli guralýan toý-dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan zähmet ýeňişleri dogrusynda söhbet edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen medeniýeti, sungaty hem rowaç menzillere ýetdi. Şu baýramçylyk günlerinde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan wakalar barada söhbet etmek diýseň buýsançlydyr. Şu ýylyň tomsunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň folklor we tans toparlarynyň festiwaly geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki meşhur sirk toparlarynyň artistleri ýurdumyzda döredijilik saparynda boldular. Olar ýerli kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar, bilelikdäki çykyşlary guradylar. Russiýaly we türkmenistanly sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary biziň welaýatymyzda-da guraldy, oňa sungat muşdaklary höwes bilen tomaşa etdiler.

Asylly ýörelgeler – ýaş nesillerimize görelde

Şu ýylyň 3-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardy we milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary we olary örmek üçin niýetlenilen iş guralyny bu muzeýe gowşurdy. Bu bolsa türkmen halkynda enä goýulýan sylag-hormatyň diýseň ýokarydygyny, Ogulabat ejäniň sünnäläp ýerine ýetiren el işleriniň — milli gymmatlyklarymyzyň, nusgalyk durmuş tejribesiniň, manyly ömür ýolunyň gyz-gelinlerimiz üçin görelde mekdebidigini aýdyň görkezýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren el işleri — haly, keşdedir alaja babatynda-da şeýle. Ene-mamalarymyz el işlerini nesilden nesle geçirip, asyrdan asyra aşyryp, şu günlerimize gelip ýetmeginde uly tagallalary edipdirler. Türkmen gyz-gelinlerine mahsus edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk ýaly häsiýetler bilen birlikde eliniň çeper bolmagyna hem üns beripdirler. Gyzjagazlara alaja işmegi, örmegi, keşde çekmegi öwretmekligiň üsti bilen olarda zähmete bolan söýgini oýarypdyrlar. Şeýlelikde, el hünärleri taryhyň dürli döwürlerinde dürli röwşe eýe bolup, has-da kämilleşipdir we ony ýaş nesillere öwretmek däbe öwrülip, ol asylly ýörelgeler halkyň aňynda, durmuşynda mynasyp orun alypdyr.

Ýiti zehinli saýrak bilbiller: beýik döwrüň belentden waspyny etdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Watansöýüjiligi, dost-doganlygy, ynsanperwerligi wasp edýän bagtyýar çagalarymyz biziň geljegimizdir. Döwrüň belent ruhuny onuň raýatlarynyň saýrak dilinden, döredýän sungat eserlerinden, ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryndan, tanslaryndan aňlamak bolýar. Çünki her döwrüň öz keşbi döredijilik adamlarynyň dünýäsinde mynasyp ornuny tapýar. Mahlasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy hem ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň arasynda geçen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginde görnetin aýan boldy. Ondaky her bir ýerine ýetirilen çykyşlarda ata Watanymyzyň uly ösüşleri, halkymyzyň milli gymmatlyklary, tebigatymyzyň ajaýyp gözellikleri, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Eziz jigiler, žurnalymyzyň bu sahypasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken baýramçylyk suratlaryny size hödürleýäris! Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli çekilen bu suratlarda ýaşajyk suratkeşler mukaddes baýramy ajaýyp suratlandyrmagy başarypdyrlar. Garaşsyzlyk binasyny, toý lybasyndaky çagalary, päkize asmanymyzy, ahalteke bedewini, umuman aýdanyňda, baýramçylyk ruhuny kagyza geçirip, täsin surat eserlerini döredipdirler. Reňkleri dogry saýlap, ýerbe-ýer ulanyp, özboluşly we ajaýyp suratlary çeken jigilerimiziň «berekellasyny» ýetirip, olaryň ussat suratkeş bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris!

Üstünlik zehine bagly

Şeýle sözbaşy goýmak bilen zehinli çagalaryň uly üstünlige eýe bolýandygyny aýtmak isleýäris. Hawa, häzirki wagtda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesillerimiziň oňat okamagy, sagdyn bolmagy üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmekde bolsa taýsyz tagallalar edilýär. Bagtyýar durmuşyň bagtly çagalyk ýyllarynda ýaşaýan körpeler öz zehini bilen ýurdumyzyň abraýyna mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle zehinlileriň biri-de Mary etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Öwezdurdyýewdir. Döwletgeldi heniz kiçilikden surat çekip, tanymal bolmagy arzuw edýär. Ol kakasynyň çekýän suratlaryna uly üns bilen syn edip, özi hem edil kakasy ýaly suratkeş bolmagy maksat edinýär. Ol ilkinji halypasy — kakasy Allaberdi Öwezdurdyýewden surat çekmegiň inçe syrlaryny öwrendi. Häzirki wagtda ol Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Oňa şol mekdebiň mugallymy Aýnagözel Nuryýewa halypalyk edýär.

Keşdeçilik sungaty — nepisligiň nusgasy

Golaýda «Bagt köşgi» toý dabaralar merkeziniň «Nur» toý zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Milli keşdeçilik sungaty ýurdumyzyň zenanlarynyň, ene-mamalarymyzyň kalp gözelligini, hünär ussatlyklaryny özünde jemlän, nesilden-nesle geçip, şu günlere ýeten medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar zenanlary ene-mamalarymyzdan galan nagyşly nusgalary hem bu günki günüň talabyna laýyklykda özboluşly öwüşgin berip, milli el işlerinde keşdeleýärler. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, bu ugurda özboluşly görelde mekdebini döreden, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan işleri ajaýyp milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda durýar. Bäsleşigiň esasy maksady şöhratly geçmişimizden biziň günlerimize gelip ýeten, enelerimizden gyzlaryna geçip gelen el hünärini, ady äleme dolan keşdeçilik sungatyny we milli lybaslarymyzy geljekki nesillerimize nusgalyk miras galdyrmak hem-de ajaýyp nagyşlary döretmekde öz ussatlyklaryny, başarnyklaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşdy

Golaýda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. «Medeniýetleriň özara täsiri arkaly arkalaşyga we parahatçylyga tarap» atly mowzukda guralan forum Arkalaşyga agza ýurtlaryň ylmy we döredijilik edaralarynyň görnükli wekillerini bir ýere jemledi. Bu çärä Türkmenistandan hem wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. 2006-njy ýyldan bäri geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumlary Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň iň esasy ynsanperwer ugurly çäresi hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyzda şeýle çäre iki gezek — 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda ýokary derejede geçirilipdi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň goldamagynda Bişkek şäherinde guralan bu forum hem dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, özara tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, birek-biregi döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.

Garaşsyzlyk — ylhamyň gözbaşy

Berkarar döwletimizde bellenilýän her bir şanly senä ýatdan çykmajak dabaralar, täsirli sergiler bilen seslenýän welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hem wagtlaýyn sergileriň ikisini ýaýbaňlandyrdy. Olaryň biri «Garaşsyzlyk — ylhamyň gözbaşy, göwnüň ganaty», ikinjisi bolsa «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» diýlip atlandyrylýar. Baýramçylyk sergileriniň açylyş dabarasyna welaýatymyzyň sungat we döredijilik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Sergide, esasan hem, welaýatymyzyň halypa suratkeşleriniň ajaýyp sungat eserleri uly orny tutýar. Muzeýiň şekillendiriş sungaty zalynda ýerleşdirilen meşhur suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň döreden sungat eserlerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen beýik sepgitler, türkmen tebigatynyň owadanlygy wasp edilýär. Muzeýe gelýänler ussat suratkeşler Myrat Baltaýewiň, Alymjan Işankulyýewiň, Şakir Hemraýewiň, Merdan Öwezowyň, Hemra Allaşükürowyň, Rahman Umarowyň we keramikaçy Dilber Umarowanyň dürli mowzukda döreden sungat işleri bilen ýakyndan tanyşýarlar. Serginiň ýene bir aýratyn tarapy, ony synlamaga gelen ýaş suratkeşler we höwesjeňler halypa suratkeşleriň eserlerinden özlerine giň tejribe toplamaga uly mümkinçilik tapýarlar.

Duşenbede Merkezi Aziýa döwletleriniň milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sebit ähmiýetli şeýle wakalar bilen ugurdaşlykda garpyz, gawun, kädi, üzüm, alma, palaw, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi.

Dutaryň owazy — milli mirasymyzyň ýaňy

12-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralan halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik gözden geçirilişine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy çykyş etdi. Olaryň 12-si bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňijiler diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Biz hem bäsleşigiň ýeňijileri bilen söhbetdeş bolup, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Baýramçylyk duşuşygy

15-nji sentýabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Erkin döredijilik mekany binasynyň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Serdar bilen ýaşlarymyz bagtyýar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Baýramçylyk ruhuna beslenen bu duşuşyga Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler we talyp-ýaşlar gatnaşdylar.

Pendi ýaýlasynyň mahmal owazlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyz Ýer ýüzüne ýaň salýar. Bu sungat halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrüldi, çünki ol ynsan kalbyna ruhy taýdan medet beriji güýçdür. Ajaýyp döwrümiziň ruhy galkynyşy, şan-şöhratly döwletimiziň bedew batly ösüşleri we özgerişlikleri milli aýdym-sazlarymyzda belent heňlerde wasp edilýär. Diýarymyzyň günortasyndaky Pendi ýaýlasynda il içinde adygan «Bagtyýar käbeler» estrada topary 2015-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gurbangül Babaýewanyň tagallasy bilen döredildi. Bu topar ilhalar halk, estrada aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanýar.

Geçmiş hem şu gün

Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde tanymal nakgaş Gülnäz Rozykulowanyň şahsy döredijilik sergisi guraldy. Sergide köpöwüşginli zehini bilen tanalýan G.Rozykulowanyň «Gadymy derweze», «Daýahatyn», «Köneürgenç» ýaly taryhy temalara bagyşlanan eserleri bilen bir hatarda türkmen tebigatynyň täsinliklerini, döwürdeş hem-de tanymal şahsyýetleriň keşplerini şöhlelendirýän işleri görkezilýär.

Ylham joşguny

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaş zehinli nakgaş Gülşat Annamyradowanyň döredijilik sergisi guraldy. Sergide öz döredijiliginde bereketli türkmen topragynyň täsinliklerini suratlandyrmaga uly üns berýän nakgaşyň tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyran «Garagum», «Garagumda düýeler», «Änewde Günüň dogşy», «Änew metjidi», «Änew ekin meýdany» ýaly milli öwüşgine baý eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Alym bagşyny ýatlap...

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ömrüni halkyna bagyş eden ussat halypalar belent sarpalanylýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sungat ussatlary ýatlanylyp, uly dabaralar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasy» bölüminiň, Tagtabazar etrap häkimliginiň we Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde ussat bagşy hem-de professor Ödenyýaz Nobatowa bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärede Ödenyýaz Nobatowyň durmuş we sungat ýoly hakynda täsirli çykyşlar edildi. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Meret Tüňňiýew halypasyny ýagşylykda ýatlap, onuň aýdymlaryny aýdyp berdi. Ödenyýaz Nobatowyň aýal dogany Akjagülüň ogly Myrat Gurdow daýysy hakynda, agtyklary Aýja hem Maýsa atalary hakynda çykyş edip, halypanyň aýdymlaryndan aýdyp berdiler. Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowyň çowlugy, on ýaşly Allanuruň aýdan aýdymy, akkordeonda çalyp beren sazlary, ýedi ýaşyndaky Döwletmyradyň aýdan aýdymy halypanyň ajaýyp sungat ýolunyň dowamat-dowamdygyny äşgär etdi.

«Çalsana, bagşy!»

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Halk hakydasynda ebedi galan aýdymdyr sazlary gymmatly miras hökmünde täze öwüşginde dowam etmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň höwesjeň ýaş bagşylarydyr sazandalarynyň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň ikinji gezek geçirilişi hem uly üstünlige beslendi. Halkymyz: «Aýdym-saz göwün guşunyň ganatydyr» diýýär. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň köňül buýsanjy bolan aýdymdyr sazlarymyz hakynda: «Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr. Halk aýdym-sazlary türkmen topragynyň mukaddesligini özünde jemleýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip, gadymy sungatymyzyň mertebesini has-da belende göterýär.

Şabram şelpeleriň şeýdasy

Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow 1943-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki Täze oba geňeşliginde dogulýar. Ol ýaşlygyndan oba mekdebiniň aýdym-saz gurnagyna gatnaýar. Onuň ilkinji halypasy aýdym mugallymy Nurmyrat Ýazgulyýew bolýar. 1960-njy ýylda Aşgabatdaky sazçylyk mekdebine okuwa girip, ussat mugallym Allaberdi Allaberdiýewden tälim alýar. Okuwynyň daşyndan halypa sazanda Çary Täçmämmedowdan dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ý.Nurymow Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň halk saz gurallary toparynda işe başlaýar. Ol toparyň ýolbaşçysy Çary Täçmämmedowyň iň ýakyn şägirdi bolýar. 1981-nji ýylda Ýolaman Nurymowa türkmen halk aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.

Güýz göwünli nakgaş

Milli medeniýetimiz — Watanymyzyň waspy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary bilen milli medeniýetimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini wasp edip biljek derejelere ýetirmek üçin mynasyp işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 8-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken taryhy Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň  yglan edilmegi beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekde, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekde, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekde ägirt işleriň biri bolup, halkymyzda egsilmez buýsanjy döretdi.  Habar berlişi ýaly bu bäsleşigi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.