«Çalsana, bagşy!»

14 Sentýabr 2023
524

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Halk hakydasynda ebedi galan aýdymdyr sazlary gymmatly miras hökmünde täze öwüşginde dowam etmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň höwesjeň ýaş bagşylarydyr sazandalarynyň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň ikinji gezek geçirilişi hem uly üstünlige beslendi.

Halkymyz: «Aýdym-saz göwün guşunyň ganatydyr» diýýär. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň köňül buýsanjy bolan aýdymdyr sazlarymyz hakynda: «Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr. Halk aýdym-sazlary türkmen topragynyň mukaddesligini özünde jemleýän milli gymmatlygymyzdyr» diýip, gadymy sungatymyzyň mertebesini has-da belende göterýär.

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
«Edebiýat we sungat».