Şabram şelpeleriň şeýdasy

14 Sentýabr 2023
559

Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow 1943-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki Täze oba geňeşliginde dogulýar. Ol ýaşlygyndan oba mekdebiniň aýdym-saz gurnagyna gatnaýar. Onuň ilkinji halypasy aýdym mugallymy Nurmyrat Ýazgulyýew bolýar. 1960-njy ýylda Aşgabatdaky sazçylyk mekdebine okuwa girip, ussat mugallym Allaberdi Allaberdiýewden tälim alýar. Okuwynyň daşyndan halypa sazanda Çary Täçmämmedowdan dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ý.Nurymow Türkmen telewideniýesiniň we radiosynyň halk saz gurallary toparynda işe başlaýar. Ol toparyň ýolbaşçysy Çary Täçmämmedowyň iň ýakyn şägirdi bolýar.

1981-nji ýylda Ýolaman Nurymowa türkmen halk aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.

Şemşat HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň halk artisti.