Alym bagşyny ýatlap...

14 Sentýabr 2023
373

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ömrüni halkyna bagyş eden ussat halypalar belent sarpalanylýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sungat ussatlary ýatlanylyp, uly dabaralar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasy» bölüminiň, Tagtabazar etrap häkimliginiň we Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde ussat bagşy hem-de professor Ödenyýaz Nobatowa bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärede Ödenyýaz Nobatowyň durmuş we sungat ýoly hakynda täsirli çykyşlar edildi. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Meret Tüňňiýew halypasyny ýagşylykda ýatlap, onuň aýdymlaryny aýdyp berdi.

Ödenyýaz Nobatowyň aýal dogany Akjagülüň ogly Myrat Gurdow daýysy hakynda, agtyklary Aýja hem Maýsa atalary hakynda çykyş edip, halypanyň aýdymlaryndan aýdyp berdiler. Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowyň çowlugy, on ýaşly Allanuruň aýdan aýdymy, akkordeonda çalyp beren sazlary, ýedi ýaşyndaky Döwletmyradyň aýdan aýdymy halypanyň ajaýyp sungat ýolunyň dowamat-dowamdygyny äşgär etdi.

Ýörite habarçymyz.