Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşdy

19 Sentýabr 2023
466

Golaýda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. «Medeniýetleriň özara täsiri arkaly arkalaşyga we parahatçylyga tarap» atly mowzukda guralan forum Arkalaşyga agza ýurtlaryň ylmy we döredijilik edaralarynyň görnükli wekillerini bir ýere jemledi. Bu çärä Türkmenistandan hem wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletler bilen medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

2006-njy ýyldan bäri geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumlary Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň iň esasy ynsanperwer ugurly çäresi hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, biziň ýurdumyzda şeýle çäre iki gezek — 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda ýokary derejede geçirilipdi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň goldamagynda Bişkek şäherinde guralan bu forum hem dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, özara tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, birek-biregi döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.

Orazmyrat MYRADOW,
žurnalist.