Medeniýet diplomatiýasy dünýä halklarynyň ysnyşmaklaryna giň ýol açýar

20 Sentýabr 2023
404

Şu günler türkmen ili jem bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyny uludan toýlaýar. Naýbaşy baýramymyz mynasybetli guralýan toý-dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan zähmet ýeňişleri dogrusynda söhbet edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen medeniýeti, sungaty hem rowaç menzillere ýetdi. Şu baýramçylyk günlerinde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan wakalar barada söhbet etmek diýseň buýsançlydyr.

Şu ýylyň tomsunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň folklor we tans toparlarynyň festiwaly geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki meşhur sirk toparlarynyň artistleri ýurdumyzda döredijilik saparynda boldular. Olar ýerli kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar, bilelikdäki çykyşlary guradylar. Russiýaly we türkmenistanly sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary biziň welaýatymyzda-da guraldy, oňa sungat muşdaklary höwes bilen tomaşa etdiler.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.