Garaşsyzlyk — ylhamyň gözbaşy

18 Sentýabr 2023
524

Berkarar döwletimizde bellenilýän her bir şanly senä ýatdan çykmajak dabaralar, täsirli sergiler bilen seslenýän welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hem wagtlaýyn sergileriň ikisini ýaýbaňlandyrdy. Olaryň biri «Garaşsyzlyk — ylhamyň gözbaşy, göwnüň ganaty», ikinjisi bolsa «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» diýlip atlandyrylýar.

Baýramçylyk sergileriniň açylyş dabarasyna welaýatymyzyň sungat we döredijilik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Sergide, esasan hem, welaýatymyzyň halypa suratkeşleriniň ajaýyp sungat eserleri uly orny tutýar. Muzeýiň şekillendiriş sungaty zalynda ýerleşdirilen meşhur suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň döreden sungat eserlerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen beýik sepgitler, türkmen tebigatynyň owadanlygy wasp edilýär. Muzeýe gelýänler ussat suratkeşler Myrat Baltaýewiň, Alymjan Işankulyýewiň, Şakir Hemraýewiň, Merdan Öwezowyň, Hemra Allaşükürowyň, Rahman Umarowyň we keramikaçy Dilber Umarowanyň dürli mowzukda döreden sungat işleri bilen ýakyndan tanyşýarlar. Serginiň ýene bir aýratyn tarapy, ony synlamaga gelen ýaş suratkeşler we höwesjeňler halypa suratkeşleriň eserlerinden özlerine giň tejribe toplamaga uly mümkinçilik tapýarlar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.