Goşa tardan çykýan sazlar ajaýyp

20 Sentýabr 2023
442

«Ata-babalarymyzdan miras galan milli sungatymyzda aýdym-sazyň, bagşyçylygyň aýratyn orny bar. Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň şert-mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda ýaş zehinleriň arasynda yzygiderli geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebimiziň dutar mugallymy Daýançmyrat Hangeldiýewiň ýeňiji bolmagy onuň kärdeşleri hökmünde bizi hem örän begendirdi, buýsandyrdy.

Aýnagül Berdigylyjowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.