"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Behişdi bedewler we türkmen alabaýlary halkymyzyň köpasyrlyk baýlygydyr

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Şu ýyl, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda milletiň öz ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlylygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyklar aýratyn öwüşgine eýe boldy. Gözelligi boýunça ajaýyp, kämil behişdi bedewlerimiz hem-de edermen alabaýlarymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň wepaly dostlarydyr hemralary, buýsanjy we baýlygy bolup geldi. Bu gün ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiz hem-de gaýduwsyz alabaý itlerimiz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly işleri netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk däplerimiz täze mazmuna we ösüşe eýe boldy.

Gahryman Arkadagym!

Döwür, döwranyňy reýhan kylmyşam,Şäherňi, säherňi seýran kylmyşam,Dana diwanlarňy ýüze sylmyşam,Gahryman Arkadagym! Haýrana goýandyr batly ädimleň,Neslindensiň, essindensiň o mertleň,Älemi bu Özüň ýaly ägirtleň,Gahryman Arkadagym!

Eýýamlaryň sungaty

Asmandan inen ykbal hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz, dostlugyň, wepadarlygyň we mertligiň nusgasy bolan alabaý itlerimiz adamzat medeniýetiniň ösüşine goşant bolan milli gymmatlyklarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen olaryň şan-şöhraty bütin Ýer ýüzüne dolýar. Milli gymmatlyklarymyzyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän ähmiýetli orny barada dörediji Liderimiziň keremli kitaplarynda giňişleýin söhbet edilýär. At agynan ýerde toý bolar

Toýly günleriň bezegi

Öňňin Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi ulanylmaga berildi. Şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýän, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary hil derejesini özünde jemleýän dört gatly täze jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri bina etdiler. Welaýat merkeziniň günsaýyn gözelleşýän keşbine görk goşýan bu jaýlara göçüp gelen bagtly maşgalalaryň 96-synyň täze ojaklarynda tutulan toýlar baýramçylyk günleriniň şatlygyny goşalandyrdy. Myratweli MYRATWELIÝEW,«Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylar toparynyň ýolbaşçysy:

Reňbe-reň gül açýar ýaşyl ýaýlasy

Kä­bä­me de­ňe­ýän ene top­ra­gym, kyb­la­ma de­ňe­ýän ata Wa­ta­nym! Dün­ýä ine­nim­de jä­gil­däp se­si­mi ýaý­la­la­ry­ňa siň­di­re­nim, sež­de­gä­him eziz Di­ýa­rym! Siz hak­da pi­kir ede­nim­de, kal­bym heý­ja­na gel­ýär. Onu­ňam öz se­bä­bi bar. Sa­byr­ly­lyk, pa­ra­sat­ly­lyk, mer­di-mer­da­na­lyk, gaý­duw­syz­lyk, ar-na­mys­ly­lyk, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ba­tyr­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri özün­de jem­le­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň säh­ra için­de çar­wa­dar­çy­lyk, meý­dan­la­ryn­da daý­han­çy­lyk edip, iýen çö­re­gi­ni ha­lal­lyk bi­len ga­za­nyp, şu gü­ne, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýe­te­ni­ne, ak gö­wün­li, yn­san­per­wer, he­ma­ýat­kär bo­lan­soň ýol­la­ry­nyň açyk, iş­le­ri­niň ro­waç bo­la­ny­na buý­sa­nyp, aňyr­sy­na çy­kar ýa­ly däl. Ene-ma­ma­la­ry­myz ýaş­ly­gyn­dan ne­sil­le­ri­ni öý iş­le­ri­ne wer­ziş edip, ola­ra mil­li ýö­rel­ge­le­ri, edim-gy­lym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň düz­gün­le­ri­ni öw­re­dip, asyl­ly, edep­li, zäh­met­sö­ýer, oja­gy­na we­pa­ly, ar-na­mys­ly duý­gu­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak iş­le­ri et­di­ler. Dog­ry ýol­dan ýö­re­me­gi, ýal­ňyş­maz­ly­gy aňy­my­za guý­du­lar. Wa­tan mu­kad­des­li­gi­ni özün­de jem­le­ýän, se­ni mä­hir sal­lan­ça­gyn­da üw­re­ýän, ýy­ly mäh­ri­ne çoý­ýan me­ge­rem, ene top­ra­gyň gu­ja­gy bol­sa ge­rek. Ger­çek ata-ba­ba­la­ry­myz bu top­ra­gy bet­päl­ler­den go

Eserlere siňen kämillik

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde haly eserini döretmek boýunça Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni Gültäç Orazowa «Behişdi bedew» diýen haly eseri, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Enebaý Annaberdiýewa «Garlawaç» at şaý-sep toplumy», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň talyby Şageldi Orazlyýew «Türkmen toýy» atly nakgaş eseri, şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Maksatmyrat Hojainow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin ýeňiji diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy Meretdurdy Rozyýew «Türkmeniň uçar ganaty» atly fotoişleri, teleoperatorçylyk işi boýunça «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Begli Ramazanow «Türkmen bedewi» atly wideoşekili bilen ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijiler öz eserl

Aýgytly — ýeňiji

Çarymyrat BALLYÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atly sport we marafon bölüminiň türgeni: — Şu gün meniň seýislän bedewim «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Eminleriň gelen netijesi boýunça bu adyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly (Ary we Altynbaşyň nesli) diýen dor reňkli atyna berilmegi ýeneki ýyllarda şeýle owadan bedewleri ösdürip ýetişdirmegim üçin meni ruhlandyran ýatdan çykmajak bagtly pursat boldy.

«Waspy dünýäni jadylan...»

Sözbaşymyzdan gürrüňiň näme hakynda boljakdygyny aňansyňyz, megerem. Hawa, gürrüňimiz şu günler ulus-il bolup, ilkinji gezek milli senenamamyza laýyklykda şanyna toý tutulýan türkmen alabaýy barada. Aslynda, indi «türkmen alabaýy» diýen düşünje diňe bir ynsanyň wepaly dosty hasaplanýan jandar baradaky gürrüňleriň çäginden has giňedi diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Bu gün türkmen milliligini, milli gymmatlyklarymyzy sarpalamagyň nusgalyk göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy hem irginsiz tagallalary bilen türkmen alabaýlary hakdaky alada döwlet syýasaty derejesine çykaryldy. Şanyna gymmatly eser ýazyp, waspyny şygyr setirlerinde beýan edýän milli Liderimiz türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly meseleleri alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny kemala getirmek ýaly wezipeler bilen utgaşdyrýar. Taryh ähli eýýamlaryň, ähli döwürleriň wakadyr hadysalaryny öz sahypalarynda saklaýar. Alymlaryň çaklaýyşlary ýaly, miladydan öňki III-II müňýyllykda kemala gelen türkmen alabaý itleri hemişe-de halkymyzyň wepaly dosty, gaýduwsyzlyk, mertlik, batyrgaýlyk ýaly asylly häsiýetleri özünde jemleýän ynamdar goragçysy hasaplanypdyr. Ýöne alabaýlaryň milli gymmatlyklaryň iň naýbaşylarynyň biri hökmünde häzirki ýaly arzylanan hem sarpalanan döwri, me

Türkmen bedewine we alabaýyna belent sarpanyň nyşany

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy. Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Buýsanjymyz hem guwanjymyz

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiren dabaraly maslahatymyz täsirli boldy. Etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler, şeýle-de türkmen bedewi we alabaýy barada gyzykly söhbet edildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlary, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary we gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlyklary göz öňünde tutulyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Akhal-tehas» ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa, Russiýa Federasiýasynyň «Gurtbil» atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at, «Türkmen

Bedew bady — watan şany

Öňňin ― 22-nji aprelde Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygy Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy. Asylly däbe öwrülen at çapyşygy ýetginjek çapyksuwarlaryň arasyndaky ýaryş bilen başlap, halypa çapyksuwarlaryň arasyndaky gyzykly bäsdeşlik bilen tamamlandy. Günüň bäşinji çapyşygyna Lebap welaýatyndan baran behişdi bedewler we ezber çapyksuwarlar gatnaşdylar. Welaýatymyzyň saýlama bedewleriniň 12-siniň arasynda geçirilen ýaryşda welaýat häkimligine, «Lebaptelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasyna, Çärjew etrap häkimligine, welaýat Suwuklandyrylan gazy gaýtadan işleýän kärhanasyna, Goranmak ministrligine, Döwlet serhet gullugyna, Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat müdirligine, welaýat kazyýetine, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümine hem-de welaýat Polisiýa müdirligine degişli bedewler ýyndamlygyny görkezdiler.

Mukaddes topragyň köpöwüşginli gudraty

Milli Liderimiz milli gymmatlyklarymyzy, edebi däplerimizi dünýä tanatmakda alada baryny edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmen medeniýeti» ýaly kitaplary milli gymmatlyklarymyza meşhurlyk getirdi. Hormatly Prezidentimiziň öz eserlerinde ýazyşy ýaly, çöl balasy bolan türkmen dünýäniň özi üçin ýaramly nusgasyny döretdi, şol nusga görä bolsa, durmuşyň ähli öwrümlerinde — kuwwatly döwletlerden başlap, çopan külbesine çenli öz mertebäňi dolulygyna saklamak we asyl bolşunda galmak ukybyna eýe boldy. Şeýle milletiň meşhur bedewleri hem-de türkmen alabaýyny döretmegi, olaryň hiç haçan ýitmeýän şöhraty, hakykatdan hem haýran galdyryjy gudratdyr. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz»Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby hem söýlüp okalýan eserdir. Onda hem dünýä döräli bäri jahana ýaň salyp gelýän bedew şöhratynyň waspy ýetirilýär. Türkmeniň öz durmuşyny ruhy dünýäsiniň bozulmaz kanunyna tabyn edendigini bilýäris. Ine, şonuň üçin pederlerimiz hiç bir ýagdaýda öz durmuşynyň içki tertibini üýtgetmändirler. Halkymyz: «Göwher bolsaň, göterenler tapylar» diýýär. Bedew bolsa göwherdenem ýokarydyr. Pederlerimiz oňa öz ýakyn dostlarynda görmekçi bolan, köplenç görüp bilmän kösenen sypa

Waspy dünýä nusgadyr

Guwanardym, taýçanakkaň uly dünýä salam berdiň,Türkmen öz ýyndam bedewni ganatyna meňzedip ýör.At münende goç ýigitler ýadawlygy bilmez eken,Seniň waspyň gözleriňi, syratyňy «gürledip» ýör. Sähra çyksaň, kişňän sesiň ýedi yklyma ýaň salmazmy?!Ýüwrük aýagňa kakdylar tylla-kümüş nallary-eý.Seýkin basyp, uz ýöräňde göwnümiz Göge galmazmy?!Gadamlarňy heňe öwrer bu türkmeniň sazlary-eý.

Hormatly at ― täze menzillere bat

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen kärdeşlerimiň birnäçesi bilen bilelikde «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolmak maňa çäksiz şatlyk bagyşlady. Mynasyp gören hormatly ady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen atşynaslary iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işleýärler. Ýurdumyzyň iri atçylyk sport toplumlarynyň birnäçesi bilen bilelikde Lebap atçylyk sport toplumynyň hem durky täzelenilip, çapuw ýodasyna politrek düşeldi. Geçen ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň biriniň hut biziň welaýatymyzda geçirilmegi şatlygymyza şatlyk goşdy.

Şanly toýuň şatlygy

Şu ýyl Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygynyň Lebap welaýatynyň atlarynyň arasynda geçirilen ýaryşyna welaýat Polisiýa müdirligine degişli Keýmir atly bedew bilen gatnaşyp, ýeňiş gazanmak we Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak meni çäksiz şatlyga besledi. Şol günki at çapyşyklarynda gazanylan ýeňişleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň atşynaslar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň miwesidir. Ýurdumyzyň beýleki toplumlary bilen bir hatarda Lebap atçylyk sport toplumynda hem bedewleri naýbaşy derejede seýislemek, olaryň sanyny köpeltmek ugrunda netijeli we döredijilikli işlemek üçin ähli amatly şertler döredilen. Geçen ýyl durky täzelenilen çapuw ýodasyna politrek örtügi düşelen toplumdaky giň mümkinçilikler biziň gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşynda durýar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda atşynaslyk we seýisçilik sungatyny ösdürmäge berýän ýardamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagly ajaýyp döwrümizde dal bedewlerimiz her bir toýuň bezegi bolsun!

Gözelligiň aýan älem-jahanda

Magtymguly atamyzyň «Byrag» atly şygrynda ünsüňi özüne çekýän şeýle setirler bar: «Adamzada meňzär ýüzi Byragyň». Beýik akyldar Magtymguly Durdy şahyr bilen aýdyşygynda: «Bedew atlar adam ýaly syzýa» diýýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde bedew ynsan hökmünde orta çykýar. Türkmen — özüniň mert, gaýduwsyz häsiýetini bedewine geçirip, ony ynsanlaşdyran halk. Türkmen bedewi türkmen köňlüniň ajaýyp gözelligidir, gaýduwsyz mertligidir. Akyldar Magtymguly bu hakykaty «Reftarydyr» atly şygrynda:

Atdyr ýigidiň myrady

Düýn Mary welaýat atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy hem-de at çapyşygy geçirildi. Atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri tarapyndan guralan amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserlerinden ybarat sergi toýçy märekäniň ünsüni özüne çekdi. Aýdym-saz hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere ýygnananlar atşynaslar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bizem baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Suhandurdy KULJANOW, Türkmenistanyň halk atşynasy, Ahal welaýaty:

Ör­ki ba­ryň er­ki bar

Hezreti Magtymguly Pyragynyň ynsan ömrüni teswirleýän belli şygrynda «Otuzymda atlar münüp gezerdim» diýýän setiri bar. At bir arkaly, asylly, häsiýetli janawar, oňa oglanjygam, ýetginjegem mündürip bolýar. Ýöne akyldar şahyrymyz atyň eýerinde oturyp, ony çapdyryp bilmegi göz öňünde tutan däl bolsa gerek. Bu ýerde «atlar münüp gezýän» ýigidiň şu ýaşda ganat-periniň kemsiz ýetip, algyr laçyna dönendigi, süňňi berkäp, ýüregi giňäp, güýjüne gelendigi, otda ýanmaz, suwda sönmez, synagda synmaz, ýagydan gaýtmaz derejä barandygy nazara alynýan bolsa gerek. Otuz ýaşy arka atyp barýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hem misli ganat gerip uçup barýan Gyrata atlanan, nazary menzillere ýa pellehanalara däl-de, uzak-uzak geljege gönügen pälwan sypatly gerçek ýigide meňzeýär.

Alabaýyň muşdagy

Häzirki wagtda «Buýsanç» itşynaslyk jemgyýetiniň emini we arassa tohum alabaý itleri köpeltmek bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekýän, şeýle-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Döwletmyrat Kürrikow bilen ilkinji tanyşlyk alabaýlaryň ýanynda başlandy. Anyklaşdyryp aýtsam, 2019-njy ýylyň altyn güýzüniň 18-nji güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda itşynas Döwletmyrat aga bilen alabaý itleri barada gyzykly söhbet edipdik. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Döwletmyrat aga bizi öýüne myhmançylyga çagyrdy. Howlusynda saklaýan alabaý itleri, aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda suraty ýerleşdirilen Gaplaň bilen, şeýle-de şägirtleri Rüstem Şyhlyýew, Begenç Şadurdyýew dagy bilen tanyşdyrdy.