Toýly günleriň bezegi

25 Aprel 2021
726

Öňňin Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada dördüsi ulanylmaga berildi. Şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýän, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary hil derejesini özünde jemleýän dört gatly täze jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri bina etdiler. Welaýat merkeziniň günsaýyn gözelleşýän keşbine görk goşýan bu jaýlara göçüp gelen bagtly maşgalalaryň 96-synyň täze ojaklarynda tutulan toýlar baýramçylyk günleriniň şatlygyny goşalandyrdy.

Myratweli MYRATWELIÝEW,
«Göllibaý» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylar toparynyň ýolbaşçysy:

Ýazga geçiren Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).